Günbatar Afrika döwleti Gwineýa häzirki wagtda Dünýä bankynyň iň soňky reýtingine görä, Hytaýdan öňde we Awstraliýanyň yzynda dünýäde ikinji orunda durýan boksit öndürijisidir.
Bütindünýä bankynyň haryt bazarynyň geljegi baradaky iň soňky hasabatynyň maglumatlarynyň seljermesine görä, Gwineýanyň boksit önümçiligi 2018-nji ýyldaky 59,6 million tonnadan 2019-njy ýylda 70,2 million tonna çenli ýokarlandy.
18% ösüş onuň Hytaýdan bazar paýyny almaga mümkinçilik berdi.
Hytaýyň geçen ýylky önümçiligi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende diýen ýaly deň boldy ýa-da 68,4 million tonna boksit boldy.
Ýöne 2015-nji ýyldan bäri Hytaýyň önümçiligi diýseň artdy.
Gwineýa indi 2019-njy ýylda 105 million tonnadan gowrak boksit öndürip, häzirki wagtda dünýäde öňdebaryjy bolan Awstraliýa bilen bäsleşer.
“Fitch Solutions” konsalting kompaniýasyna görä, 2029-njy ýyla çenli dünýäde boksit önümçiliginiň köp bölegi Awstraliýadan, Indoneziýadan we Gwineýadan geler.
Ýerleşdirilen wagty: 2021-nji ýylyň 20-nji fewraly